HSM Habarlary
СтатистикаBiziň bilen işleşmek üçin: @Habarber - ýa-da - habarlas@halkynsesi.media e-mail arkaly biziň gapymyzy kakyp bilersiňiz.
- Последний пост
- 13 авг.
- Последнее чтение
- 14 авг.
- Постов за неделю
- 12
- Всего постов
- 22
- Тип
- открытый
- Язык
- tk
- В каталоге с
- 14 авг.
- 1/24сутки в ленте
- 263
- 1/48двое суток
- 301
- 1/72трое суток
- 325
Оценка по просмотрам недавних постов: пост набирает почти всё за первые сутки.
Посты
Sosial mediada paýlaşylan bu wideo ýazgyda Özbegistan resmileri Russiýa'da ölen ýurtdaşlaryny maşgalalaryna gowşurmak işlerini alyp barýarlar.
🇷🇺🇰🇿 Gazak žurnalisti Ahmedýarow'a garşy Russiýa'daky söweşijiler sanawy sebäpli jenaýat işi gozgaldy. Gazagystan'yň garaşsyz žurnalistlerinden Lukpan Ahmedýarow'a garşy, rus goşunynda söweşen ýa-da söweşýän Gazagystan ýurtdaşlary baradaky sanawy çap edendigi sebäpli jenaýat işi gozgaldy. Orda.kz neşiriniň habar bermegine görä, Astana polisiýasy Ahmedýarow'y Gazagystan'yň Jenaýat kodeksiniň 274-nji maddasy esasynda "bilkastlaýyn ýalan maglumat ýaýratmak" aýyplamasy bilen derňeýär. Ahmedýarow, "Prosto Žurnalistika" (Diňe Žurnalistika) YouTube kanalynyň esaslandyryjylaryndan biridir. Onuň soňky döwürdäki işleri, Russiýanyň Ukraina garşy basybalyjylykly urşuna Gazagystan ýurtdaşlarynyň nähili çekilýändigini aýan edýär. 2026'njy ýylyň Iýun aýynda žurnalist Russiýa'nyň Içeri işler ministrliginiň şikaýaty esasynda saklanypdy. Indi bolsa Astana polisiýasy, Ukraina hökümetiniň "Хочу жить" (Ýaşamak isleýärin) taslamasynyň maglumatlaryna esaslanýan we öň özleriniň hem paýlaşan sanawyndaky atlary "Prosto Žurnalistika" kanalynda çap etmegini munuň sebäbi hökmünde görkezýär. CPJ'niň 2026'njy ýylyň 5'nji Awgustyndaky beýanatyna görä, Ahmedýarow 3'nji Awgustda maşgalasy bilen Çernogoriýa gitmek üçin Astana howa menziline gelende onuň ýurtdan çykmagy gadagan edildi. Serhet polisiýasy bu gadagançylygyň Astana polisiýasy tarapyndan girizilendigini habar berdi. CPJ Gazagystan hökümetine eden çagyryşynda syýahat gadagançylygynyň ýatyrylmagyny we žurnaliste garşy edilýän yzarlamalaryň bes edilmegini isledi.
🇸🇾 Ahmed al-Şara, Siriýa'nyň täze prezidenti boldy. Siriýa'nyň hökümetiniň başlygy Ahmed al-Şara, ýurduň geçiş döwrüniň prezidenti diýlip yglan edildi. Ýurduň täze ýolbaşçylygy, öňki Konstitusiýon gurluşynyñ ýatyrylandygyny, Mejlisiň, Howpsuzlyk gullugynyň…
🇵🇰🇹🇷🇸🇦 Musulman ýurtlar Ysraýyl'a garşy birleşmeli — Hawaja Muhammad Asif Pakistan'yň Goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif, Ysraýyl'y musulman ýurtlar üçin "umumy howp" diýip yglan etdi we yslam dünýäsiniň birleşmegine çagyrdy. Onuň bu sözleri, Türkiýe…
"Guinness" kitabyna girizilen Milli buýsanjymyzmy, ýogsa, Asyryň Ogurlygy?
Hytaý we Taýwan arasyndaky dartgynlygy. Hytaý basgysyndan rahatsyz bolan we Ukrain harbylaryň dron ulanma usullaryndan täsirlenen Taýwan ýurtdaşlaryna dron uçurma tälimlerini ögredip başlady. The Guardian.
🇸🇾 Asad'yň aňtaw başlygy Husam Luka Moskwa'da orta çykaryldy. Siriýa'da režim agdarylandan soňra, Moskwa'nyň golaýyndaky şäherçede gizlenip ýören Başar Asad'yň aňtaw başlygy Husam Luka ýüze çykaryldy. "The Telegraph" neşiri Luka'nyň Şam'da taşlanan öýünde…
🇷🇺🔥🇺🇦 Russiýa Ukraina'nyň Odesa we Harkow şäherlerine hüjüm etdi. Harkow'da bir köpgatly ýaşaýyş jaýyň 7-10'njy gatlary weýran boldy, 2 adam öldi, 6 adam ýaralandy. Odesada ýaşaýyş jaýlaryna we siwil altýapysyna zyýan ýetdi, azyndan 8 adam ýaralandy.
🇵🇰🇹🇷🇸🇦 Musulman ýurtlar Ysraýyl'a garşy birleşmeli — Hawaja Muhammad Asif Pakistan'yň Goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif, Ysraýyl'y musulman ýurtlar üçin "umumy howp" diýip yglan etdi we yslam dünýäsiniň birleşmegine çagyrdy. Onuň bu sözleri, Türkiýe, Saud Arabystan we Pakistan arasynda 7'nji Awgustda gol çekilen "Mekge Bileleşik Goranmak" ylalaşygyndan soňra aýdyldy. Asif, "Geo News" neşirine beren interwýusynda şeýle diýdi: "Ysraýyl babatynda ähli musulman ýurtlar birleşmeli. Meniň düşünjäme görä, bu ýerde hiç hili şübhe ýok." Sözleriniň dowamynda ministr Asif, täze goranmak ylalaşygynyň has giňişleýin bir bileleşigiň düýbüni tutup biljekdigini aýtdy: "Gapylyrymyzy beýleki ýurtlara ýapyk saklap bilmeris. Bu diňe saýlananlaryň topary bolmaly däl. NATO nusgasynda, aralaryndaky ikitaraplaýyn düşünişmezlikleri bir gyra goýup bir ýere jemlenmelidirler." Mekgede gol çekilen bu ylalaşyk, üç ýurdy ilkinji gezek umumy goranmak saýawanynyň astynda birleşdirýär. Ylalaşyga gol çekişlik dabarasyna Saud Arabystanyň Şazadasy Mohammed bin Salman, Türkiýe'niň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Pakistan'yň Premýer-ministri Şahbaz Şarif gatnaşdylar. Ylalaşygyň Ysraýyl'a garşy anyk harby herekete öwrülip ýa-da öwrülmejegi häzirlikçe nämälimliginde galýar.
видео или голосовое, без подписи
🇷🇺🔥🇺🇦 Russiýa Ukraina'nyň Odesa we Harkow şäherlerine hüjüm etdi. Harkow'da bir köpgatly ýaşaýyş jaýyň 7-10'njy gatlary weýran boldy, 2 adam öldi, 6 adam ýaralandy. Odesada ýaşaýyş jaýlaryna we siwil altýapysyna zyýan ýetdi, azyndan 8 adam ýaralandy.
🇸🇾 Asad'yň aňtaw başlygy Husam Luka Moskwa'da orta çykaryldy. Siriýa'da režim agdarylandan soňra, Moskwa'nyň golaýyndaky şäherçede gizlenip ýören Başar Asad'yň aňtaw başlygy Husam Luka ýüze çykaryldy. "The Telegraph" neşiri Luka'nyň Şam'da taşlanan öýünde tapan telefon depderçesini yzarlap, ony Russiýa'da tapandygyny habar berdi. Luka Asad döwründe Siriýa'nyň Baş Howpsuzlyk Müdirliginiň başyndady. "Möý" lakamly Luka, düzgüniň iň güýçli graždan aňtaw guramalarynyň birine ýolbaşçylyk etdi. ABŞ, Beýik Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gynamalar, köpçülikleýin gyrgynçylyk we adam hukuklarynyň bozulmalaryna gatnaşygy bardygy sebäpli sanksiýalar sanawyna goşuldy. BBC'niň habarçylary Luka'nyň Şam'da taşlanyp gidilen kaşaň öýünde 155 sany el bilen ýazylan belgisi bolan bir depderçe tapdylar. Bu belgileriň arasynda öňki işgärler, maşgala agzalary, lukmanlar we harby resmiler bardy. BBC depderçedäki bir adamy yzarlap Luka'nyň şahsy goragçysyna ýetdi we ahyrsoňy Luka'nyň Moskwa'nyň golaýynda iki dürli ýerde bolandygyny anyklady. BBC'niň gürleşen şaýatlarynyň biri, Luka'nyň lukmana baran wagtynda Moskwa'da bolandygyny tassyklady. Luka'nyň aýyplamalarynyň arasynda 2015'nji ýylyň Gurban baýramynda Homs'yň al-Waer ilçesinde guralan we 28 adamyň ölen howa hüjümleri hem bar. Bu hüjümlerde 17 çaga aradan çykypdy. Siriýaly aktiwistleriň aýtmagyna görä, Luka şol gün nyşanalary hut özi saýlapdy. Asad düzgüni agdarylýança, Luka on müňlerçe adamyň ýiten "adam gassaphanasy" hökmünde tanalýan Şam'yň golaýyndaky Sednaýa türmesiniň tussaglyk syýasatlaryny dolandyrýardy. Oppozisiýa söweşijileri, žurnalistler, lukmanlar we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bu ulgamda tussag edildi. Luka'nyň Moskwa'da tapylmagy, halkara hukugy taýdan möhüm päsgelçilik bolup durýar. Russiýa ýyllarboýy Asad düzgüniň iň ýakyn goldawçylarynyň biridi we agdarylan "lideriň" özi hem 2024'nji ýylyň Dekabryndan bäri Moskwa'nyň Rublýowka elit sebitinde ýaşaýar. Öňki ykdysady maslahatçy Ýassar Ibrahim hem Russiýa gaçan resmileriň arasynda.
Türkmenistan, Türkmenabat şäheri. Sosial media'da paýlaşylan bu wideo ýazgyda Türkmenabat(Çärdjöw) şäherinde 19'nji asyra degişli bolan taryhy bina ýanýar. Belli wagtlar bu bina her dürli edara işlerine hyzmat edipdir, hatda metjit hökmünde hem ulanylypdyr. Taryhy binanyň näme sebäpden ot alanlygy barada Türkmenistandaky terror topardan heniz açyklama bolmady.
видео или голосовое, без подписи
🇷🇺🇹🇲 Wolgograd'da Türkmenistanly taksi sürüjisi galp sürüjilik şahadatnamasy bilen tutuldy. Russiýa'nyň Wolgograd şäherinde ýol polisiýasy taksi hökmünde ulanylýan "Kia Rio" kysymly ulagy saklady. Ulagy dolandyrýan 26 ýaşly sürüji özüne degişlidigini aýdan Türkmenistan'da berlen sürüjilik şahadatnamasyny görkezdi. Geçirilen deslapky barlagda şahadatnamanyň öň ýüzünde mikro ýazgylaryň okalmaýandygy, ultra-melewşe şöhle astynda howpsuzlyk maksatly süýümli sapaklaryň görünmeýändigi anyklandy. Polisiýa resminamanyň galpdygy barada netijä geldi. Sürüji derrew ulag dolandyrmakdan çetleşdirildi, onuň sürýän "Kia Rio" ulagy bolsa ýörite awtoduralga äkidildi. Sürüjiniň garşysyna Russiýa Federasiýasynyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine laýyklykda administratiw iş gozgaldy. Elinden alnan sürüjilik şahadatnamasy derňewe ugradyldy. Waka bilen bagly barlag-derňew işleri dowam edýär. Şahadatnamanyň galplygy subut edilen ýagdaýda 2 ýyla çenli tussaglyk, ýa-da garşylygynda pul jerimesi berlip biliner.
видео или голосовое, без подписи
🇺🇦🇷🇺 Ukraina'nyň uzak aralyga uçýan dronlary Russiýa'nyň Ural daglarynyň çuňlugyndaky menzilleri urdy. Ukraina dronlary Ýekaterinburg'da ýerleşýän Wildberries logistika ammaryna zarba urdy. Ýekaterinburg söweş hataryndan takmynan 1.700-2.000 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu hüjüm WB logistika toruna garşy alnyp barylýan kampaniýada häzire çenli urulan iň çuň zarbalaryň biri bolup durýar.
🇹🇷🇹🇷 Türkiýe'de bikanun ýollar bilen ýurtdaşlyk alandygy anyklanan 6.134 adamyň ýurtdaşlygy ýatyryldy. Türkiýe Içeri işler ministrligi, galp gozgalmaýan emläklere baha beriş hasabatlary arkaly daşary ýurt watandaşlaryna bikanun ýagdaýda Türk watandaşlygynyň berlendigi baradaky öňe sürmeler esasynda 16 ilde geçirilen operasiýadan soňra ýazmaça beýanat çap etdi. Ýerli habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, geçirilen derňewleriň netijesinde jemi 6.134 adamyň ýurtdaşlyk almak karary ýatyryldy ýa-da yzyna alyndy.
🇷🇺🇹🇲 Çeboksary şäheriniň polisiýasy turist wizasy bilen işleýän iki Türkmenistanlyny saklady. Russiýa'nyň Çeboksary şäherinde polisiýa, ýurda turistik statusy bilen giren iki sany Türkmenistan watandaşyny rugsatsyz işleýändigini ýüze çykardy. "CAVIRAL" neşiriniň habaryna görä, bu şahslar Russiýa turistik wiza bilen gelipdirler, emma degişli rugsatnamalary bolmazdan işlemäge başlapdyrlar. Bu iki Türkmenistanlylaryň binalara hyzmat ediş we abatlaýyş işlerinde işleýändigini habar berdiler. Tutulan iki Türkmenistan watandaşynyň deport etmek üçin yzyna ugratma merkezine ugradylandygy aýdylýar.
видео или голосовое, без подписи